SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze ýyl agşamynda iýmitiňize ünsli boluň!

Täze ýyl agşamynda iýmitiňize ünsli boluň! Garym-gatym iýmekden saklanyň!

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna “Oksolin” melhemini çalmaly.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi endik edinmeli.

Paslyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we bu babatda çagalara-da gözegçilik etmeli.

Her gün ýaşaýyş otaglaryny ýelejiretmeli we çygly arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirmeli. Ondan soňra üzärlik tütedip, otaglaryň howasyny tämizlemeli.

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Related posts

Bill Geýtsden pandemiýa barada

Ata Watan Eserleri

Täze saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bellendi

Türkiýä haçan koronawirus sanjymy geler?

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment