SPORT

Italiýanyň Kubogynyň finaly: “Ýuwentus” – “Atalanta”

Italiýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy ahyrlap barýar. Final duşuşygynda oýnajak toparlar belli boldy. Kubogyň ilkinji finalçysy Kristiano Ronaldoly “Ýuwentus” topary boldy. Bu topar ýarym finalda “Inter” toparyny ýeňdi.

Finala çykan ikinji topar russiýaly futbolçy Alekseý Mirançugyň “Atalanta” topary boldy. “Atalanta” topary ýarym finalda “Napoli” toparyny ýeňdi. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 0:0 hasabynda deňme-deňlik bilen tamamlanypdy. Jogap duşuşygynda bolsa, “Atalanta” topary 3:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş gazanan toparda Sapata bilen Pessina (2) tapawutlandy.

Final duşuşygy 19-njy maýda geçiriler.

“Atalanta” topary Italiýanyň kubogyny bir gezek eýeledi. Ol hem 1963-nji ýylda bolup geçipdi. Bu topar soňky gezek 2019-njy ýylda kubok ýaryşynyň finalyna çykypdy. Şol duşuşykda hem “Lasio” toparyndan ýeňlipdi.

“Ýuwentus” topary bolsa soňky 7 möwsümde 6 gezek kubogyň final tapgyryna çykdy. Şeýlelikde bu topar 4 gezek kubogy almagy başardy.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri