SPORT

“Liwerpul” Kodi Gakpony satyn aldy

Angliýanyň “Liwerpul” topary düzümini niderlandly futbolçy bilen güýçlendirýär. Dünýä çempionatynda görkezen oýny bilen futbol toparlarynyň ünsüni çeken Kodi Gakpo “Liwerpul” toparynda karýerasyny dowam etdirer.

Niderlandlaryň “PSW” topary bilen Angliýanyň “Liwerpul” topary bu babatda ylalaşdy. Eýndhowen toparynyň berýän maglumatyna görä, 23 ýaşyndaky futbolçy ýakyn wagtda Angliýa gider we transfer bilen baglanyşykly resmi işlerini ýerine ýetirer. Futbolçy 6 ýyllyk şertnama baglaşar.

Käbir neşirleriň habaryna görä, “Liwerpul” topary bu futbolçy üçin 37 million funt-sterling sarp eder.

Gakpo niderland toparynda kämilleşen futbolçydyr. Ol 2018-nji ýyldan bäri bu toparda çykyş edip gelýär.

Bu ýaş futbolçy dünýä çempionatynda Niderlandlaryň ýygyndysy üçin möhüm birnäçe gollary öz adyna ýazdyrdy.

Ýene-de okaň

Trkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri