BIZNES

“JETRO” guramasyna Türkmenistanda wekilhanasy açmak teklip edildi

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) ýerini ýetiriji baş direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynda öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem türkmen tarapy “JETRO” guramasyna Türkmenistanda wekilhanasyny açmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi, munuň özi kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň Türkmenistanda iş alyp barmagyna hem-de türkmen işewürleriniň Ýaponiýada iş alyp barmagyna, şol sanda Türkmenistanyň Ýaponiýada Söwda öýüni açmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Mundan başga-da, Ýaponiýadan Türkmenistana işewür düzümleriniň saparlaryny guramak meselesine seretmek teklip edildi.

Guramanyň ýerine ýetiriji baş direktory Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagalla etjekdigini belläp, Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara has işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler