BIZNES

Ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurulmagy ileri tutular

Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň geçen ýedi aýynda gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýagdaýyny seljermek hem-de şolarda işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gaýtadan seretmegiň, şunda diňe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň ileri tutulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek 2021-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gurluşyk senagatyny ösdürmäge uly üns berilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün ederýaly, ähli önümçilik kuwwatlyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegini nygtap, ýaşaýyşjaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygyny güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işler dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ýagdaýlary seljermegi hem-de degişli netije çykarmagy wise-premýerden talap etdi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi