TEHNOLOGIÝA

Döwrebap teleradio enjamlary satyn alynar

Bu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisininde  Türkmenistanyň Prezidenti telewideniýäniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, zerur bolan enjamlary satyn almak hakyndaky Karara gol çekti. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

Türkmenistanda “Go Viral” taslamasy işjeňleşýär

Türkmenistanda 294 web saýt döredildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär