TEHNOLOGIÝA

Telefon bazarynyň öňdebaryjysy kim?

“Counterpoint Research” ylmy-barlag institutynyň maglumatlaryna görä, awgust aýynyň jemi boýunça akylly telefonlarynyň söwdasynda “Samsung” kompaniýasy birinji orny eýeledi. Koreýa Respublikasynyň kompaniýasynyň paýy 22% göterim artdy. Degişli döwürde Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň paýy 16% göterime çenli pese gaçdy. Şu ýylyň fewral aýyndan bäri, “Huawei” kompaniýasy birinji orna geçip, hatda bazaryň öňdebaryjysy hem bolupdy. “Samsung” kompaniýasynyň paýynyň artmagynyň sebäbi Hindistan döwletinde “Huawei” kompaniýasynyň wekilçilik etmeýän akylly telefonlaryň satuwynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Beýleki kompaniýalara göz salanymyzda, “Apple” kompaniýasynyň paýy 12% göterime, şeýle hem “Xiaomi” kompaniýasynyň paýy 11% göterime deň boldy.

Şeýle hem ýakyn wagtlarda “Apple” kompaniýasyndan täze “iPhone” telefonlarynyň çykmagyna garaşylýar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Related posts

Suwdan sintetik uçar ýangyjy öndüriler

“Sony” -den 1 milliard dollarlyk satuw

Tramp: emeli intellekt üçin 500 milliard dollar gönükdiriler

Ata Watan Eserleri