TEHNOLOGIÝA

Aşgabatda ekofestiwal geçirildi

paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň meýdançasynda Türkiýäniň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan 2-nji ekofestiwal geçirildi.

Esasy şygary «Geliň, Zemini bilelikde halas edeliň!» atly çäre ýaşlaryň tebigy serişdelere aýawly çemeleşmäge, tebigy baýlyklary ýerlikli peýdalanmaga we daşky gurşawy goramaga gatnaşmaklaryna gönükdirildi.

Ýörite enjamlaşdyrylan interaktiw zolaklarda ekofestiwalyň myhmanlary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň nähili işleýänligi bilen tanyşdylar. Mysal üçin, Günüň radiasiýasy aktiw we passiw gün ulgamlaryny ulanmak bilen peýdaly energiýa öwrülip biler. Onuň üçin fotoelektrikli bolan gün panelleri ulanylýar. Panellere ýagty düşmeginiň netijesi bilen bolsa elektrik akymyny döreýär.

Şeýle hem festiwalyň iň ýaş gatnaşyjylary IT-tehnologiýalaryň dünýäsindäki täzelikler bilen tanyşdylar. Işjeň zolagyň pudaklarynyň birinde robototehniki bataliýalar ýüze çykdy.

Ýaş çagalara ýol hereketiniň kadalaryny öwrenmek üçin mini-futbol meýdançasynda, ringde we awtoulagyň maketlerinde görkezilen robotlaryň dürli modellerini dolandyrmak teklip edildi.

Şonuň bilen bir hatarda, festiwalyň gatnaşyjylaryna zyňyndylary dogry tertiplemegiň wajyplygy barada gürrüň berildi. Tertiplemek işi ulanyşdan galan plastikany, kagyzy, aýnanyny we demirleri gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär.

Öz diwarlyklarynda türkmen çeper elli ussatlary öz elleri bilen galyndylardan taýýarlan sowgatlyk önümlerini goýdular. Festiwalda köp gezek ulanylýan eko-sumkalar uly meşhurlyga eýe boldy. Plastik paketlere derek tebigy çig maldan ýasalan torbalar daşky gurşaw üçin howpsuzdyr.

Festiwalyň çäginde ilatyň ekologiýa düşünjesini artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan fleşmoblar, kwizalar we eko-aksiýalar geçirildi.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi