SPORT

Sportuň täze görnüşleri Olimpiýa oýunlaryna girizildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anželes şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna sportuň ýene-de 5 görnüşini goşmak meýilleşdirilýärdi. Bu babatda şu ýylyň 15-17-nji oktýabrynda Hindistanda geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 141-nji mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi.

Şoňa laýyklykda, flag-futbol, kriket, lakross, skwoş, şeýle hem beýsbol Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasynyň düzümine girizildi.

Sportuň bu görnüşleriniň 3-si ozal Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda bardy. Kriket 1900-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda, lakross bolsa 1904-nji we 1908-nji ýyllardaky oýunlarda göz öňünde tutulypdy.

Beýsbol bilen softbol bolsa, 1992-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň düzümine goşulypdy.

Los-Anželesdäki Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylyň 14-nji iýulynda başlap, 30-njy iýulda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi