Özbegistanda ministrlikleriň we pudaklaryň sany 2 esse azaldylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew belläp geçdi.
Döwlet Baştutany ýurduň parlamentiniň her iki palatasynyň wekilleriniň öňünde çykyş edip, gol çeken administratiw özgertmeler resminamasyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň sanynyň 61-den 28-e çenli azaldyljakdygyny belledi.
Onuň bellemegine görä, döwlet işgärleriniň sany kem-kemden 25-30 göterim azaldylar. Ministrlikleriň, komitetleriň, agentlikleriň we gözegçilik edaralarynyň wezipe borçlary anyk kesgitlener.
– Öz ugrundan çuňňur bilimi bolan, yhlasly we halkyň goldawyny alan ýolbaşçylar öz wezipelerini saklap galarlar – diýip, Prezident belledi.
Prezident Mirziýoýew özgertmeleriň barşynda dörediljek ulgam arkaly edaralaryň ýolbaşçylary konstitusion derejesinden peýdalanyp, hökümetiň başlygy bilen gönüden-göni işleşjekdigini mälim etdi.
Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan 2023-nji ýylyň şygarynyň “Adamlar üçin alada etmek we ýokary bilim ýyly” diýlip yglan edilendigini mälim etdi.
