SIZDEN GELENLER

Reňkleriň manysy

Her reňkiň öz gözelligi we her reňkiň öz manysy bar. Adamlara umyt berýän we käwagt dürli dünýälere alyp barýan bu reňkler bize bir zatlary düşündirýärler. Olar bolmasa durmuş gaty adaty we gaty içgysgynç bolardy. Agaçlar, jaýlar we hatda köçedäki adamlar hem reňklidir. Käbir reňkler beýlekilerden has göze tiz ilýär, ünsi özine çekýär we psihologiýamyza has täsirli täsir edýär. Reňkleriň manylary käte söýgi, käte gynanç käteler hem gaty üýtgeşik duýgulary görkezýär. Geliň her bir reňkiň üstünde aýratynlyk durup geçeliň.

Gyzyl reňk.

Iýmit markalarynyň näme üçin köplenç gyzyl reňk ulanýandygy hakda pikir edip gördiňizmi? Sebäbi gyzyl reňk işdäni açýar we şonuň netijesinde organizmde gan aýlanyşyk gowulanýar. Reňkleriň arasynda gyzyl reňk iň täsirli reňk hasaplanýar. Ol söýgini, janlylygy, ýaşlygy aňladýar. Onuň daş töwerege berýän habary elmydama hyjuwly we dinamikdir, adamlarda çaltlyk duýgusyny oýarýar.

Gyrmyzy reňk.

Gyrmyzy reňkiň manysy haşaň durmuş, baýlyk we nepislikdir. Gyrmyzy romantikany, duýgurlygy we hyjuwly alamatlandyrýan dinamiki reňkdir. Şeýle hem adamlary tolgundyrýan, adamlara çäre görmäge mümkinçilik berýän reňk hökmünde düşündirilýär. Käbir adamlar öý bezeglerinde bu reňkden peýdalanyp öýlerine üýtgeşik bezeg berýärler. Beýniniň işjeňligini güýçlendirýär. Bu reňk gowy görýän adamlar köplenç özleriniň ruhy dünýäsine üns berýän adamlardyr.

Gök reňk.

Gök reňk – köşeşdiriji reňkdir. Ol köplenç sazlaşyk, wepalylyk we netijelilik diýilip atlandyrylýar. Durmuşda aladalary köp bolan adamlar öz otaglarynda gök reňkleri peýdalanyp bilerler. Edil şonuň ýaly iş ýerlerinde-de işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin peýdalanyp bilersiňiz. Gök reňkiň işdäňi peseldýän aýratynlygy bolup ol horlanmak isleýän adamlar üçin hem peýdaly. Arkaýynlygyň manysy bolan bu reňk adamlary rahatlygyň gujagyna goýýar.

Sary reňk.

Sary reňk köplenç aç-açanlygyň aýdynlygyň reňki hasaplanýar.       Ol wagtlaýyn reňk diýilip düşündirilýär. Sary reňk täsirli özine çekiji reňk hasaplanyp taksileriň reňkiniň sary bolmagy ünsi özüne çekýänligi bilen düşündirilýär. Hiç bir nankyň nyşanynda sary reňkler ulanylmaýar, ol wagtlaýyn we göziňi ýadadýan reňk hasaplanýar. Çagalaryň otaglarynyň sary reňke boýalmagy olaryň köp aglamagyna getirip biler. Sary reňki halaýan adamlar köplenç aýratyn tebigatly bolýarlar.

Ýaşyl reňk.

Şübhesiz tebigaty oýandyran ilkinji reňkleriň biri ýaşyldyr. Ol tebigylygy sebäpli rahatlygy getirýär. Ýaşyl reňk täzelik, umyt, güýç berýär. Ýaşyl reňkiň manysy köplenç köpelmekdir. Nerw köşeşdiriji häsiýete eýeligi üçin bu reňk hassahana otaglarynda hem peýdalanylýar.

                                                              Internet maglumatlary esasynda taýýarlan,

Enejan  Kakajanowa,

                                                                     S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň   

                                                                     Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw 

                                                                     mekdebiniň talyby.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün