DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Munuň özi özara düşünişmek we açyklyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklara mahsus ýörelgedir. Bu bolsa dostlukly hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň sebitleýin, şeýle-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy hem ýakyndygy aýdyldy. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň we halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Şol bir wagtyň özünde soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini saklamagyň we ýokary derejede guralan saparlaryň, gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň geljekde täze ugurlarynyň wajypdygy barada hem aýdyldy. Biziň ýurtlarymyz özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedirler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanylýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemek ýakymly.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi