Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 01 -nji dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Ýyldyzlar hamallara köp ýygnanan öý işlerini ahyrsoňy ýerine ýetirmegi, arassaçylyk işlerini geçirmegi maslahat berýärler. Güni peýdaly geçiriň, ähli zatlary, şol sanda durmuş meselelerini-de tertibe salyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlara ýyldyzlar bu gün möhüm zatlary etmezligi maslahat berýärler, sebäbi olaryň netijesi lapykeç bolup biler. Bu gün gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Daş-töweregiňizdäki hemme zada şükür etmegi, gadyr goýmagy öwreniň. Kiçijik kynçylyklar we şowsuzlyklar hakda pikir etmäň. Öz-özüňi tankytlamakdan ýüz öwüriň. Häzir şeýle etmek size diňe zyýan bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu güni özüňize bagyşlamaga synanyşyň. Şeýle etseňiz netijesini derrew duýarsyňyz. Daş-töweregindäkileriň hemmesi sizi haýran galdyrar! Özüňiziň iň gymmatlydygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bu gün soňuna çenli işlär. Şonuň üçin, astrologlaryň maslahaty – wagtynda durmaga mümkinçiligiňiz bar! Isden başga-da möhüm zatlaryň bardygyny, arasynda dynç alyp durmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Maşgalaňyza,ýakynlaryňyza üns beriň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler juda gyzgalaňly zähmet çekdiler. Ýöne soňky döwürde bu zodiak belgisiniň wekilleri dynç alýarlar, bu bolsa hemme zadyň öz ugruna gitmegine sebäp boldy. Şonuň üçin astrologlar gyssagly özüňizi ele almagy we üstünliklere barýan ýolda durmazlygy maslahat berýärler!
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün sizi bolgusyz gybatlar yzarlap biler. Olara mümkin boldugyça üns bermezlige çalyşyň. Diňe sizden yzda bolan adamlar arkaňyzdan gürleýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Hakykatdanam peýdaly we möhüm zatlary ediň, netijesi uzak garaşdyrmaz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu güni akraplaryň ýekelikde geçirmegi has gowudyr. Dawa-jenjelleriň we jedelleriň bolmak ähtimallygy ýokary. Şonuň üçin bu güni özüňize bagyşlamak has gowudyr. Bu gün töweregiňizdäkiler bilen jedelleşmegiň ýerine dynç alyp bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün kowuslar üçin iň möhüm maslahat, zatlary ahyryna çenli ýetirmekdir. Hawa, nerwler we güýç çäkde bolar, ýöne özüňizi bir ýere jemläň we meýilnamaňyzy doly gutaryň. Şeýle edeniňizde soňunda gazanjak netijäňiz garaşyşyňyzdan-da ýokary bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün täze işe başlamak düýbünden töwekgelçiliklidir. Beýle ýagdaýda, zyýana galmak ähtimalçylygyňyz ýokary. Başlan ähli zadyňyzy tamamlamaga synanyşyň. Şeýle edeniňizde nerwiňizi we güýjüňizi tygşytlarsyňyz.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Gün gaty dartgynly bolar. Dawa-jenjelleriň-de bolmak ähtimalçylygy ýokary. Şonuň üçin işden soňam ýadawlygy aýyrmak, nerwiňizi köşeşdirmek üçin, ünsüňizi sowuň, mysal üçin halaýan teleseriallaryňyzy görmäge synanyşyň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin bu gün ähli zatlar sagat ýaly işlär. Esasy zat ýalňyş pikirlerden gaça durmakdyr. Pikirleriňiz ýolbaşçylar tarapyndan makullanar. Ýakyn wagtda pul baýragyna garaşyň.