Düýn paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.
Şol duşuşykda Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe» formatyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklar barada belläp geçdi.
«Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe» formatyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, üç tarapyň arasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy we biz bu ýokary derejeli çäräni ýurdumyzda guramak üçin taýýardygymyzy ýene-de bir gezek yglan edýäris diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk işleriniň çäginde üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşyklary aýratynlykda guralýar. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda gol çekiljek resminamalaryň üstünde hem degişli işler alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky taýýarlyk çärelerini jemlemek maksady bilen, üç ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçip, häzirki wagta çenli Türkiýäniň birnäçe işewürlik düzümleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleri ýerine ýetirendiklerini belledi.
Söwdanyň möçberi hem ýylsaýyn artýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar diýip, hormatly Arkadagymyz daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depginini mysal hökmünde getirdi. 2021-nji ýylyň netijelerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard 573 million amerikan dollaryna deň boldy. 2022-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça bolsa söwdanyň möçberi 2 milliard 54 million amerikan dollaryna barabar bolup, ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,8 göterime ýetdi. Bu döwürde ýurdumyzyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkiýe ikinji orny eýeledi. Söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mümkinçilikler bar we bu ugurdaky işler dowam etdiriler.