SIZDEN GELENLER

Energetika ulgamynda täze ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi.

Milli ykdysadyýetimiziň döwrebap ösüşinde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.  “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini barha ýokarlanýar. Şeýle netijeli sepgitler ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda has-da aýdyň duýulýar.

Bu pudagyň gazçylarynyň birleşen tagallalary bilen tebigy gazyň akymy ýokarlanýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýär. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanmagyna ýardam edýär.

Şu ýylyň 10 aýynyň jemlerine seredilende hem, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100 göterim berjaý edildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 120,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,9 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 107,8 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,5 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,6 göterim berjaý edildi.

Şeýle hem, gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny depginli ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary hilli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Munuň üçin ýene-de ençeme iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini durmuşa geçirmek babatda giň tagallalar edilýär. Bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi — bu ilkinji nobatda sebit we taslama gatnaşyjy ýurtlarda energetika howpsuzlygy, Owganystany, Pakistany we Hindistany arzan hem ygtybarly tebigy gaz bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Iri taslama Pakistany 2030-njy ýyla çenli gerek bolan energiýanyň 50%-i, Hindistany 2024-nji ýyldan soň gerek bolan energiýanyň 56%-i bilen üpjün etmäge giň mümkinçilikler berer.

Umuman, döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

Azat Annalyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

“Nebitgaz desgalarynyň senagat gurluşygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy