SIZDEN GELENLER

Türkmen-özbek dostlugy has-da berkeýär

Türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dostluk uzak taryhdan gözbaş alýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 16-17-nji noýabrda geçiriljek türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar. Şu gün — 15-nji noýabrda bolsa festiwala gatnaşyjy myhmanlar «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna baryp gördüler.

Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we mednei-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda paýtagtymyzdaky «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy, şeýle hem teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagy iki ýurduň arasynda ýola goýulýan medeni, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ine şu günler Daşoguz welaýatynda badalga alýan Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly bolsa bu iki halkyň gadymy dost-doganlyk ýörelgesiniň dowamatynyň dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2010-njy ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen dostluk festiwaly asyrlaryň dowamynda kemala gelen türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky hoşniýetliligiň, raýdaşlygyň belent dabaralanmasy boldy.

Ürgenç şäherinde Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagy döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeledi. Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähiniň we Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähiniň özbek-türkmen dostlugynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň nyşanlary bolandyklaryny aýratyn nygtamak zerur.

Saparmuhammet ATAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Related posts

Ýewropada ýylyň awtoulagy belli boldy

Täze eýýamyň Galkynyşly ösüşleri

Käşir balynyň peýdaly häsiýetleri

Leave a Comment