SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Argentinaly ofisiantlaryň bäsleşigi

Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde ofisiantlaryň arasynda ýaryş  geçirildi. Ofisiantlaryň ellerinde gaby bilen iň çalt ofisiant bolmak üçin bäsleşdi.

Argentinada ofisiantlaryň bäsleşigi ýurduň Syýahatçylyk, myhmanhana we gastronomiýa işgärleriniň bileleşigi tarapyndan geçirildi. Ol ýurduň paýtagtynyň esasy köçeleriniň biri bolan Maý şaýolunda gurnaldy.

Bu bäsleşik üçin köçede ulaglaryň hereketi togtadyldy. Ýaryşa gatnaşan ofisiantlar ellerindäki gapda ýerleşdirilen suw, şireli we gazlandyrylan içgileri götermek arkaly 1 kilometr aralygy geçmek üçin bäsleşdiler.

Ýurduň dürli künjeginden gelen ýüzden gowrak ofisiant elindäki gaby gaçyrmazlyk şerti bilen öňdeligi eýelemek ugrunda bäsleşdi.

Ýaryşyň şertleri boýunça oňa gatnaşan erkek, zenan we ýaş toparyna görä ofisiantlaryň arasynda ýeňijiler kesgitlendi. Ýeňijilere kubok, şahadatnama we pul baýragy berildi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler