SPORT

Türkmen türgenleri ýene-de 3 medal gazandy

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen sambo boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ýene-de 3 medal gazandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen türgenlerinden Muhammet Kössekow altyn medal, Kakageldi Ýegenbaýew hem-de Batyr Hojamuhammedow bürünç medala mynasyp bolupdy.

Ýaryşyň üçünji gününde bolsa, 79kilogramagramdaçykyşedenBegenç Baltaýew kümüş medalyň eýesi boldy. Şeýle hem 98 kilogram we şondna ýokary agramda çykyş eden türgenlerimizden Guwanç Begaliýew bilen Babajan Iwadullaýew hem bürünç medallara mynasyp boldy.

50 ýurtdan 500 türgeniň bäsleşýän bu dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 1 altyn, 1 kümüş hem-de 4 bürünç medaly gazanmagy başardy.

Bu dünýä çempionatynda 21 agram boýunça erkekleriň, zenanlaryň hem-de söweş sambosy boýunça baýrak almak ugrunda bäsleşikler geçirildi.

Related posts

Ispaniýa – futbolyň ägirdi

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Katar-2022: Marokko ýarym finalda, Ronaldo öýüne dolanýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment