JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Hususan-da, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde gatnaşýandygy hakynda çözgüdiň kabul edilmegi bu düzüme agza ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Şoňa görä-de, şu günki ikitaraplaýyn duşuşyklarda hem Halk Maslahatynyň Başlygy hut şu ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Türki dünýäniň Liderleri bilen geçirilen duşuşyklarda parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde wajyp orny eýeleýändigi nygtaldy. Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, özara duşuşyklaryň we geňeşmeleriň ýola goýulmagy arkaly kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alşylmagynyň möhümdigini belledi.

Related posts

Köp çagaly maşgalalara ýeňillikler dörediler

Ata Watan Eserleri

2020-nji ýylyň jemleri jemlendi: 37 milliardlyk gurluşyklar alnyp barylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, Hazar Liderler Zirvesi’ne katılacak, New York’a gidecek

vepa

Leave a Comment