Ispaniýanyň “Barselona” toparynda çykyş edýän polşaly hüjümçi Robert Lewandowski bassyr 2-nji gezek “Altyn aýakgap” baýragynyň eýesi boldy. Ol geçen möwsümde Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş edip, 34 duşuşykda 35 gol geçirilipň, 70 utuk gazandy.
Şeýlelikde, ol Ýewropanyň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde “Altyn aýakgap” baýragyna eýe boldy.
Bu sanawda ikinji orny Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi. Ol Fransiýanyň çempionatynda 28 gol geçirip, 56 utuk jemledi.
Italiýanyň “Lasio” toparynyň futbolçysy Çiro Immobile we Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň hüjümçisi Karim Benzema degişlilikde, “Seria A” we “La liga” çempionatynda 27 gol geçirip, 54 utuk gazandy.
Mälim bolşy ýaly, Robert Lewandowski 2021-nji ýylda hem Germaniýanyň çempionatynda 41 gol geçirip, “Altyn aýakgap” baýragyny gazanypdy.
Ýewropanyň iň köp gol geçiren futbolçysyna gowşurylýan “Altyn aýkgap” baýragy ilkinji gezek 1967-68-nji möwsümde portugaliýaly futbolçy Eusebio de Silwa Ferreýra gowşurylypdy. Ol “Benfika” toparynda çykyş edip, 42 gol geçiripdi.
“Barselona” toparynda çykyş eden döwründe Lionel Messi bu baýraga 6 gezek mynasyp bolup, iň köp “Altyn aýakgap” baýragyny eýelän futbolçydyr.
Türkiýäniň futbolçylaryndan 1987-1988-nji möwsümde “Galatasaraý” toparynyň düzüminde çykyş eden Tanju Çolak bir möwsümde 39 gol geçirip, bu baýragy gazanypdy.
