SPORT

44-nji meşhur “Dakar” rallisi başlaýar

Şu gün ady rowaýata öwrülen 44-nji “Dakar” rallisi Saud Arabystanda başlaýar. Ýük ulaglary boýunça “Dakar” rallisiniň öňdebaryjysy “Kamaz Master” topary dünýäniň iň meşhur rallisinde 19-njy kubogyny gazanmak üçin bäsleşige goşular.

Bu gezek “Dakar” rallisi özboluşly derejä eýe bolar. Şu ýyldan başlap, ýaryşlarda gazanylan baýrak utuklary ralli-reýd dünýä çempionatynyň hasabyna hem goşular. “Dakar” bu ýaryşyň birinji tapgyry bolar. Soňra “Abu-Dabi çöl çagyryşy”, “Ralli Gazagystan”, “Andalusiýa Ralli” we “Ralli Marokko” ýaryşlary geçiriler.

“Kamaz Master” topary bu gezekki ýaryşa ekipaž bilen gatnaşar.

Ralli ýaryşynyň umumy uzynlygy 7646 kilometr bolup, ol 12 tapgyrdan ybarat bolar. Ýaryş Saud Arabystanyň ikinji uly şäheri bolan Jidde başlar we şol şäherde tamamlanar.

 

2-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Ronaldo çempionlykdan galdy, “Al-Hilal” – çempion

Lionel Messi 39 ýaşady

Türkmenistanyň we Germaniýanyň futbol ýolbaşçylygynyň onlaýn duşuşygy