BIZNES

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrdy

Özbegistan 2022-nji ýylda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlary arkaly üstaşyr ýük daşamalaryny 2 esseden hem gowrak artdyrdy. Bu barada Özbegistanyň ulag ministriniň orunbasary Žasurbek Çoriýew Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen metbugat beýanatynda belläp geçdi.

– Statistiki maglumatlara görä, geçen ýylyň 9 aýy bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda Özbegistan Türkmenistanyň we Gazagystanyň portlary arkaly ýük daşamalaryny 2 esse artdyryp, 337 müň tonnadan 701 müň tonna ýetirdi – diýip, ulag ministriniň orunbasary belläp geçdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti 11-nji noýabrda Samarkant şäherinde geçiriler. Özbegistanyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, sammitde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meýilnamasyna hem-de halkara garyşyk ýük daşamalary boýunça şertnama gol çekilmegine garaşylýar.

Related posts

Halkara guramasy bilen onlaýn duşuşyk

Balkanabat şäherinde täze gazlandyrylan içgileriň önümçiligi ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment