SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

09-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 09 -njy  noýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün, ýyldyzlar hamallara özüňizi köşeşdirmek üçin oýlanmagy maslahat berýärler. Dürli amallar parahatçylygyňyza örän peýdaly täsir eder we depressiýa ýagdaýyndan çykmaga kömek eder. Esasy zat, meseläni aşa çişirmezlikdir.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar bu gün, garaşylmadyk birnäçe meseläni çözeniňizde sabyrly bolmagy başarmaly. Meýilnamalaryňyzy isleýşiňiz ýaly çalt ýerine ýetirip bilmersiňiz. Özüňizi köp zatlardan çäklendiriň we arkaýyn maksadyňyzyň ugruna çykyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu gün mümkin bolsa, söwda bilen meşgullanmaly. Dükana baryp, öýe gerek boljak peýdaly zatlary, hojalyk harytlaryny alyň. Söwda meselesine çynlakaý çemeleşmeli. Özüňize aşa köp pul sowmaga rugsat bermäň. Bu ýagdaý sizi maliýe kynçylyklaryna getirip biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar, bu gün fiziki ýa-da emosional taýdan peselýän bolsaňyz, işe gitmeli dälsiňiz. Günüň dowamynda hökman ýerine ýetirmeli işiňiz ýok bolsa, ilki bilen lezzet berjek zady ediň. Öz nerwiňizi goramaklygyň zerurdygyny bu gün aýratyn duýarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetler üçin iş hepdesini şatlykly we öndürijilikli başlamak üçin ajaýyp gün. Irden ýeňil fiziki işjeňlik size päsgel bermez. Daňdan turup daşaryk çykyň. Arassa howadan dem alyň, ylgaň. Bu size belli bir derejede dynç almaga we işe täze güýç kuwwat bilen başlamaga mümkinçilik berer.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleler gybatdan we boş gürlemekden daşlaşmaga synanyşmaly. Garyndaşlar we ýakynlaryňyz bilen çyn ýürekden söhbetdeşlik geçirmek, oturyşmak üçin bu gün gowy wagtdyr. Gürrüňdeşiňiziň kemçiliklerini gözlemekden saklanyň. Gürlemekden has köp diňlemegi başarsaňyz, bu size oňat netije getirer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar bu gün doly dynç alyp bilerler we negatiw zat hakda pikir etmezler. Gereginden artyk özüňize agram salmaň. Sebäbi özüňizi dürsemek we ünsi jemlemek hemişe mümkin däl. Dürli ýakymly ownuk zatlara ýapyşyp, günüňizi mümkin boldugyça peýdaly geçirjek boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplara bu gün ýyldyzlar dawa etmegi maslahat bermeýärler. Günüňizi geljekiňiz hakynda asuda pikirlerde geçiriň. Bu siziň özüňize we pikirleriňize düşünmek üçin köpden bäri zerur zatdy.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, bu gün hiç bir zada göz ýummaly däl we öz sözleriňize, wadalaryňyza gaty ünsli bolmaly. Siz ýakynlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň bildirýän ynamyny ödemezligiňiz mümkin. Şonuň üçin her bir işde jogapkärçilikli çemeleşmek maslahat berilýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün, jediler, akym bilen gidip, sizi özüne çekjek duýgulara baş goşup bilersiňiz. Ýatda saklaň – hemme zat ortaça bolmaly. Nätanyş adam bilen ýakyn gatnaşyk gurmak kararyna gelseňiz, ilki gowy pikirleniň. Ilki bilen öz erkinligiňiz hakynda pikirleniň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlara uzak wagtlap soňa goýulan meseleleri çözmek üçin amatly gün. Işiňize girişmekden çekinip, ýaýdanmaklygyň, ertire geçirmekligiňiziň zerurlygy ýok. Häzir näçe çalt hereket etseňiz şonça-da gowy! Alada etmäň we ädimme-ädim işe girişiň! Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar, şu gün garyndaşlaryňyz bilen aç-açan söhbetdeşlik etmegiňiz üçin wagt tapsaňyz gowy bolardy. Uzak wagtlap aragatnaşyk saklamadyk adamlar, özleri bildirmeseler-de, siziň jaňyňyza garaşýarlar. Öz prinsipleriňizi ýatdan çykaryň. Asuda we giň bolmaga çalyşyň.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama