Çalt depginler bilen ösýän ýurdumyzyň gündogar sebiti öz öndürýän önümleri bilen ykdysady ösüşlerimize mynasyp goşandyny goşýar. Dag-magdan senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan sementiň önümçiligi bu künjekde barha artýar. Şu ýylyň başyndan bäri, «Lebap» sement zawodynda meýilnamada bellenilen 824 müň tonna derek 831 müň 636 tonna sement öndürilip, bu baradaky tabşyryk 100,93 göterim berjaý edildi. Bu barada www.turkmenmetbugat.gov.tm saýtynda habar berilýär.
2009-njy ýylyň sentýabrynda gurluşygyna badalga berlip, 2013-nji ýylyň fewral aýynda eýýäm önüm öndürip başlan «Lebap» sement zawody iri senagat kärhanasy bolmak bilen, diňe bir welaýatda däl, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurulýan binalary hem sement önümi bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Önümiň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolup, bu taslama kuwwatyna ýetildi.
Köýtendagda hek, kwars, gips, toýun ýaly sement üçin zerur önümlere baý bolan daşly gatlaklaryň ägirt uly gorlary bar. Şol känden 200 — 300 tonna magdany kärhananyň çig maly owradyjy sehiniň ammaryna getirýärler. Kemsiz owradylandan soňra çig mal bişiriji sehe geçirilýär. Bu ýerde ol 1500 — 1700 dereje gyzgynlykdaky pejiň içinden geçýär. Önüm soňra ýörite degirmende üwelip, oňa 5 göterim gips goşulýar. Belli bir wagtdan soňra, taýýar önüm harytlyk görnüşe getirilýär. Alnan önüme kärhananyň laboratoriýasynda hil barlagyndan geçirilýär.
Kärhana, geçen ýylyň 10 aýynyň jemi bilen deňeşdirilende, 114,54 göterim ösüş depginini gazandy. Meýilnama boýunça 150 million manada derek 161 million 398 müň manatlyk önüm öndürilip, bu baradaky tabşyryk 107,6 göterim berjaý edildi.
