BIZNES

Ýerli telekeçiler pagta we polipropilen satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda polipropilen we gysga süýümli pagtany satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy, şol geleşikleriň umumy bahasy 10 mln manatdan gowrak boldy.

Ýerli telekeçiler umumy bahasy 2,6 million türkmen manadyna barabar bolan jemi 100 tonna TPPZ 30 G kysymly polipropileni satyn aldylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy 26 müň 50 türkmen manadyna deň.

Başga bir telekeçi gysga süýümli pagtnyň dürli görnüşleriniň 430 tonnadan gowragyny satyn aldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen baglaşylan geleşigiň jemi bahasy 7,4 million manatdan gowrak boldy.

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär