SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasynyň aýdyň ýoly

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda parlament diplomatiýasy özüniň ösüşiniň täze belentliklerine galýar. Bilşimiz ýaly, täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, bu syýasat üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen parlament diplomatiýasynyň gerimi has-da giňäp, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Munuň şeýledigine Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparyndan hem görmek bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde goňşy döwletleriň wekilçilikli edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge uly üns berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykandygy bellemek bolar.

Türkmenistan halkara parlament guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şu ýyl hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň işlenip taýýarlandy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan uly goşandynyň ykrarnamasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan döwlet we jemgyýetçilik işiniň ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedigini aýratyn bellemek bolar.

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynda bolan döwründe Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem-de  Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen netijeli gepleşikler geçirdi. Gahryman Arkadagymyz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Russiýada geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus gepleşikleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama strategik türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýan parlamentara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna uly itergi berer.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, parlamentara gatnaşyklar strategik türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine, çuňňur taryhy, medeni we ynsanperwer aragatnaşyklary bilen birleşen halklarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Iki ýurduň kanun çykaryjylarynyň gatnaşyklary, olaryň hünär derejesindäki we şahsy duşuşyklary yzygiderli häsiýete eýe bolup, döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär, biziň parlamentarilerimiziň möhüm halkara meseleler boýunça berk garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklary asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýarlar, bizi şahsy, maşgala, hünär aragatnaşyklarynyň giň gerimi baglanyşdyrýar. Biz bilelikde agyr synaglardan geçdik, bilelikde ajaýyp ýeňişleri we üstünlikleri gazandyk, halklarymyzyň her biriniň dürlüdigine, özboluşlydygyna garamazdan, olary pugta medeni gatnaşyklar, binýatlaýyn gymmatlyklar, ahlak ýörelgeleri we däp-dessurlar, döredijilik, Watana, mähriban ojaga bolan çäksiz söýgi, maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi, beýleki halklara hormat-sarpa goýmak, adalatlylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ýaly duýgular birleşdirýär.

Gahryman Arkadagymyz bu gymmatlyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, düşnükli, ygtybarly kanunçylyk esaslaryny döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şol kanunçylyk esaslary biziň garaýyşlarymyza, döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň nusgasyny erkin seçip almagymyza laýyklykda, öňe gitmegimiz üçin ygtybarly syýasy we ruhy esasy üpjün eder. Şunda medeniýet we bilim möhüm, belki-de, aýgytlaýjy şert bolup durýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin parlament gurallaryny işjeň ulanmaga, has ysnyşykly medeni gatnaşyklar, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, taslamalaryny döretmek, Türkmenistanyň we Russiýanyň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin şertleri kemala getirmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň buýsanmaga hem-de birek-birege teklip etmäge zatlarymyzyň bardygyna ynam bildirildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki sapary hem diňe bir parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentleriň ornunyň ýokarlandyrylmagyna däl, eýsem döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna täze itergi berjekdigine şaýatlyk edýär. Goý, dostluga uzaýan ýollar rowana bolsun!

Bägül Kakalyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün