Dünýä belli argentin futbolçysy Diego Armando Maradonanyň eli bilen geçiren golunyň pökgüsi Angliýanyň meşhur “Uembli” stadionynda görkezilýär. Merhum Maradona hem “Taňrynyň eli” bilenb adygan goluny Angliýanyň derwezesinden geçiripdi.
Futbol dünýäsiniň iň jedelli gollarynyň bir hasaplanýan bu goluň pökgüsi auskionda satylar. 1986-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Angliýanyň derwezesine Maradona eli bilen gol geçiripdi. Şol duşuşykda oýnalan pökgi stadionda futbol janköýerlerine görkezilýär.
Argentinaly meşhur futbolçynyň eli bilen geçiren golunyň pökgüsi emin Ali ben Nasser tarapyndan satuwa çykaryldy. Onuň 3 million funt-sterlinge satylmagyna garaşylýar.
Maradonaly Argentina şol duşuşykda Angliýany 2:1 hasabynda utup, ýarym finala çykypdy. Meşhur pökgüniň 16-njy noýabrda geçiriljek auksionda satylmagyna garaşylýar.
