Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi.
Husasan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň gynanç hatynda şeýle diýilýär:
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherindäki pajygaly basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
***
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherinde geçirilen baýramçylyk çärelerinde emele gelen basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
