JEMGYÝET

Bedew baýramy: bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň çäklerinde bäsleşige hödürlenen iň gowy işler degişli ugurlara — iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary, türkmen bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri, iň gowy telewizion görnüşler ugry boýunça seçilip alyndy.

  • Türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly — “Behişdi bedew” atly eseri üçin Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni G.Orazowa
  • Türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary — “Garlawaç» at şaý-sep toplumy” atly eseri üçin Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy E.Annaberdiýewa
  • Türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri — “Türkmen toýy” atly nakgaş eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşlyk kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Ş.Orazlyýew
  • Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy M.Hojainow
  • Türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — “Türkmeniň uçar ganaty” atly fotoişleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy M.Rozyýew
  • Türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler — “Türkmen bedewi” atly wideoşekili üçin Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Ramazanow ýeňiji boldy
  • Ýeňijilere “Tolkun” telewizory we şahadatnamalar gowşuryldy.

UNFPA: iş mümkinçiligi üçin bildiriş

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri