JEMGYÝET

Migrasiya: Iş üpjünçiligini amala aşyrýan hususy taraplar

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa taslamasynyň çäginde sebit döwletleriniň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda iş üpjünçiligini amala aşyrýan hususy taraplaryň işini hukuk taýdan kämilleşdirmeklige bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahatyna ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda, oňa gatnaşyjylar iş üpjünçiligi bilen meşgullanýan hususy edara kärhanalaryň işini düzgünleşdirmekde ulanylýan halkara kanunçylyk hukuk-namalary we bu ugurda öňdebaryjy tejribeler dogrusynda özara pikir alyşdylar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar migrasiýa prosesinde halkara kadalaryna laýyk gelýän amatly iş şertlerini üpjün etmekde, hak-hukuklaryň ýerine ýetirilişinde sebit ýurtlarynyň hususy edaralarynyň tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar özara tejribeleriň alşylmagyna şert döreden okuw maslahatynyň netijeli ähmiýete eýe bolandygyny nygtadylar.

Çeşme: migration.gov.tm

Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnaw

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy