DÜNÝÄ

Türkiýede ilkinji ýerli elektrikli awtoulag öndürildi

Düýn Türkiýe Respublikasy özüniň milli baýramy  – Garaşsyzlygynyň 99 ýyllyk baýramyny belläp geçdi. Bu baýramçylyk gününde ýurduň ilkinji ýerli elektrikli awtoulagynyň ilkinjisi öndürildi.

“Anadolu Grubu”, “BMC”,  “Turkcell”, “Zorlu Holding” we TOBByň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda döredilen Türkiýäniň awtoulag kärhanasy topary (TOGG) tarapyndan ilkinji elektirkli awtoulagyň önümçiligi amala aşyryldy.

Şeýle awtoulagyň dürli reňkde we dürli görnüşde öndüriljek Gemlik önümçilik binasy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ardoganyň gatnaşmagynda açyldy. Rejep Taýyp Ärdogan täze zawodyň önümçilik desgalaryny aýlanyp gördi we ilkinji ulagy synag etdi.

Ärdogan dabarada eden çykyşynda bu ýerde her ýyl 175 müň ulag öndürilip, 4 müň 300 adam iş orny dörediljekdigini belledi.

TOGG edarasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýays bilen ylalaşyk baglaşyp, zawodyň ýanynda 609 müň inedördül metr meýdanda elektrikli ulaglar üçin zerur bolan batareýa önümçilik önümhanasyny gurar.

Ärdogan zawodyň ilkinji awtoulagyny özüniň sargyt etjekdigini belläp, aýaly Emine Hanym bilen bilelikde awtoulagyň reňkini bilelikde karar berjekdiklerini belledi.

Şeýle hem Ärdogan türk halkyny ýerli awtoulagy sargyt etmäge çagyryp, bu awtoulaglaryň sargyt etmek işinin 2023-nji ýylyň fewralynda başlajakdygyny we şol döwürde awtoulagyň bahasynyň hem mälim ediljekdigini belledi.

Prezident Ärdogan 2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda awtoulagyň önümçiliginiň doly derejede ýola goýuljakdygyny mälim etdi.

Şeýle hem TOGG kysymly awtoulaglaryň Ýewropa bazarynda hem bäsleşip bilmegi üçin Ýewropanyň ülňülerine laýyk gelýän şahadatnamanyň hem alynmagynyň göz öňünde tutuljakdygy bellenildi.

Prezident Ärdogan TOGG kysymly awtoulagyň Türkiýäniň 60 ýyllyk arzuwydygyny belläp, onuň 85 million ilatly Türkiýäniň umumy buýsanjydygyny hem belläp geçdi.

2030-njy ýyla çenli bu ýerde öndüriljek 1 million ulag  Türkiýäniň milli girdejisine 50 milliard dollardan gowrak goşant goşar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi