JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Rişi Sunagy gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Rişi Sunaga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim

Ronaldo dünýä rekordyny gaýtalady

Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşar

Leave a Comment