JEMGYÝET

Daşoguz welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Biz Size öň Ahal we Balkan welaýaty boýunça  dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde  teklipleri ýetirdik. Indi bolsa Size Daşoguz welaýaty boýunça teklipleri ýetirýäris.

 

Daşoguz welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler:

  1. Gubadag etrabyny ýatyrmak we Gubadag etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirmek;
  2. Gurbansoltan eje adyndaky etraby Akdepe etrabynyň düzümine geçirmek hem-de täze döreýän etrabyň edara ediş merkezini Gurbansoltan eje adyndaky şähere geçirmek;
  3. Etrap hukukly Köneürgenç şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de ony Köneürgenç etrabynyň düzümine goşmak teklip edilýär.
  4. Daşoguz şäherinde iri senagat zolaklaryny we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly ýer gaznalaryny döretmek üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň dolandyryş çägine degişli 8 müň 20 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň edara ediş çäklerine goşmak bilen, jemi 11 müň 804 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň dolandyryş çägine degişli etmek hem-de şol ýerlerde şähere ýanaşyk ýerleşýän Bossan geňeşliginiň Panahan obasyny, Gülüstan geňeşliginiň Parahat obasynyň Özbegistan, Ürgenç, Nowruz, Kenar, Gubadag köçelerini, A.Nowaýy adyndaky geňeşligiň Gargaköpri obasyny, Biruni adyndaky geňeşligiň Biruni adyndaky obasyny we Wahymgala obasyny, Adalat geňeşliginiň Şatlyk obasyny, Babadaýhan obasyny hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň Bagtyýar zaman, Dostluk, Boý, Emirgala, Garagum, Haýwat, Seýpel obalaryny Daşoguz şäheriniň düzümine geçirmek teklip edilýär.
  5.  S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gülüstan obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
  6. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Akjadepe obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
  7. Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gökçäge obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
  8. Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Ataýap obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
  9. Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Bereket obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
  10. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Päkize obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
  11. Iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümindäki obalary golaýda ýerleşýän geňeşlikleriň we şäherleriň düzümine geçirmek bilen, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Altyn asyr geňeşligini ýatyryp, Altyn asyr we Atamyrat aga obalaryny Üçkepderi geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  12. Ruhubelent etrabynyň Altyn zaman geňeşligini ýatyryp, onuň Altyn zaman obasyny Tüniderýa geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  13. Garaköli geňeşligini ýatyryp, onuň Yslam, Çaýyrly we Gyzyljaburun obalaryny Şagadam geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  14. Wasabat geňeşligini ýatyryp, onuň Wasabat we Uzboý obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  15. Magrupy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny Şabende geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  16. Bedirkent geňeşligini ýatyryp, onuň Şagadam, Oglanly obalaryny Geňeş geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  17. Oguz han geňeşligini ýatyryp, onuň Oguz han obasyny Ruhnama geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  18. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligini ýatyrmak;
  19. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman obasyny Saparmyrat Türkmenbaşy şäherine birleşdirip, Tomman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak;
  20. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýörite ýer gaznalarynyň çäginde Döwkesen geňeşliginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Baleýşem we Ak oý atlaryny dakmak teklip edilýär.
  21. Etraplaryň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň emele gelýändigi hem-de käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň atlaryny kämilleşdirmek bilen, Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Galkynyş obasynyň adyny üýtgedip, Baglyk adyny dakmak
  22. O.Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Ataýap obasynyň adyny üýtgedip, O.Ärsaryýewiň adyny dakmak;
  23. Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaşsyzlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Täzemekan adyny dakmak;
  24. Atçapan geňeşliginiň Azatlyk obasynyň adyny üýtgedip, Bereketli adyny dakmak;
  25. Sähra geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, Ýeketut atlaryny dakmak teklip edilýär.
  26. Şeýle hem Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýagty ýol adyny dakmak;
  27. Berkararlyk obasynyň adyny üýtgedip, Agzybirlik; Almalyk geňeşliginiň Babadaýhan obasynyň adyny üýtgedip, Sähra adyny dakmak
  28. Derýalyk obasynyň adyny üýtgedip, Gülzar; Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, Ýalkym adyny dakmak;
  29. Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynyň adyny üýtgedip, Ýüpek ýoly adyny dakmak;
  30. Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Bedirkent adyny dakmak;
  31. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň A.Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň Akjadepe obasynyň adyny üýtgedip, oňa A.Kakabaýew adyny dakmak;
  32. Gurbansoltan eje adyndaky geňeşligiň adyny üýtgedip, oňa Gyzyljagala adyny dakmak;
  33. Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, Gallaçy adyny dakmak;
  34. Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäheriniň adyny üýtgedip, oňa Andalyp adyny dakmak;
  35. R.Ataýew adyndaky geňeşligiň Päkize obasynyň adyny üýtgedip, oňa R.Ataýew adyny dakmak;
  36. Altyn asyr geňeşliginiň Atamyrat aga obasynyň adyny üýtgedip, oňa Galalygyr adyny dakmak;
  37. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň hem-de onuň Nyýazow şäheriniň adyny üýtgedip, Şabat adyny dakmak;
  38. S.Rozmetow adyndaky geňeşligiň Gülüstan obasynyň adyny üýtgedip, oňa S.Rozmetow atlaryny dakmak kararyna gelindi.

Şeýlelikde, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky (Şabat), Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç we Ruhubelent etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 8 etrapdaky şäheri, 7 şäherçäni, 126 sany geňeşligi we 594 sany obany Daşoguz welaýatynyň çäginde galdyrmak teklip edilýär.

 

Balkan welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ahal welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär