SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary tamamlanyp, onuň netijesi boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şolaryň biri hem iki ýurduň arasyndaky uar gatnawlaryny täzeden dikeltmek hm göz öňünde tutulýar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Astana şäherindäki “Akorda” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça metbugat ýygnagynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň hökümetleriniň ýurtlaryň arasyndaky pandemiýa sebäpli çäklendirilen yzygiderli awiagatnawlary mümkin boldugyça gysga wagtda gaýtadan dikeltmek mümkinçiligine garamak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew işewürlik işine goşmaça itergi bermek üçin iki ýurduň raýatlarynyň iş saparlary üçin ýönekeýleşdirilen wiza düzgünini girizmegi teklip etdi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt Stambul we Minsk ýaly ugurlar boýunça yzygiderli adaty gatnawlary ýola goýdy.

Related posts

Türkmenistan Hindistana hepdede 2 gezek uçýar

Türkmen alymlary köp gezeklik örtükleri dakynmagyň  peýdalaryny subut etdiler

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Putýan şäherinde karantin çäreleri güýçlendirildi

Leave a Comment