TEHNOLOGIÝA

Dubaýda uçýan awtoulag synag edildi

Hytaýyň elektron awtoulag öndürijisi “Xpeng Inc” tarapyndan öndüirlen uçýan awtoulag Birleşen Arap Emirliklerinde ilkinji köpçülikleýin uçuşyny amala aşyrdy.

Uçarmansyz uçýan ulaglara “XPeng eVTOL X2” diýlip at berildi. Bu ulag Dubaýda 90 minutlyk synag uçuşyny amala aşyrdy. Öndürijisi tarapyndan “uçýan awtoulaglaryň indiki nesli üçin möhüm baza” hökmünde häsiýetlendirildi.

“Xpeng Aeroht” kompaniýasynyň baş müdiri Minguan Sýu: “Biz halkara bazaryna artýan ädimler edýäris. Ilki bilen Dubaýy saýladyk, sebäbi Dubaý dünýädäki iň innowasiýa şäheridir.” -diýdi.

Iki orunlyk uglerod süýümli elektrikli uçýan awtoulagyň sekiz motory bar we sagatda 130 kilometr tizlige ýetip bilýär we 1 kilometr beýiklikde uçýar. Doly zarýad berlende, ulag 35 minuda çenli uçup bilýär.

Kompaniýa häzirki wagtda halkara bazarlarynda elektrik uçaryny satmagyň üstünde işleýär.

 

Ýene-de okaň

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy