DÜNÝÄ

Gazagystanyň ilkinji prezident dalaşgäri

Ykdysadyýetçi Meýram Kažyken Gazagystanyň Merkezi Saýlaw toparyna nobatdan daşary prezident saýawlary üçin dalaşgärlik resminamalaryny hödürlän ilkinji dalaşgär boldy. Bu barada ýurduň Merkezi Saýlaw toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

– 4-nji oktýabrda Merkezi Saýlaw toparyna Kažyken Meýram Zekeşulynyň prezidentlige dala’gärlik hökmünde resminamalary hödürlendi. Ony “Amanat” Gazagystanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň” arkalaşyklar bilelişigi dalaşgär görkezdi – diýlip, metbugat beýanatynda görkezilýär.

61 ýaşyndaky Meýram Kažyken “Astana” Halkara ylmy toplumyň Ykdysady barlaglar institutynyň ýolbaçysydyr.

Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlary 20-nji noýabrda geçiriler. Saýlawlar üçin dalaşgär görkezmek işi 23-nji sentýabrda badalga aldy we 11-nji oktýabra çenli dowam eder. Dalaşgärleri hasaba almak 21-nji oktýabrda tamamlanar. Saýlawyň öň ýanyndaky möwsüm 18-nji noýabra çenli dowam eder.

6-njy oktýabrda 3 sany syýasy partiýalary – “Amanat”, “Ak Žol” Demokratik partiýasy we Gazagystanyň Halk partiýasynyň nobatdan daşary mejlisleri geçiriler. Käbir synçylaryň pikirine görä, ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bu partiýalaryň ýeke-täk dalaşgäri bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar