DÜNÝÄ

“Walmart”-yň onlaýn satuwy 97 göterim ýokarlandy

ABŞ-nyň esasy bölek satuw zynjyrlaryndan biri bolan “Walmart” şu ýylyň ikinji çärýeginde onlaýn söwdasynyň 97 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Bu barada şu ýylyň ikinji çärýeginiň maliýe netijelerinde bellenilip geçilýär.

Kompaniýanyň arassa satuwynyň we amallarynyň Covid-19 epidemiýasyna sebäpli onlaýn söwda bolan ymtylmanyň ep-esli derejede artmagy bilen has ýokary sepgitlere ýetendigi mälim edildi.

Beýanatda “Walmart” -yň şu ýylyň ikinji çärýeginde dükanlarynyň satuwynyň 9,3 göterim, onlaýn söwdasynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 97 göterim ýokarlandygy bellenildi.

“Walmart” -yň umumy girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,6 göterim artyp, 137,7 milliard dollara ýetdi.

Related posts

Dünýäniň iň gymmat dollary

Wladimir Putin: düwnük keseli üçin sanjym öndürmäge golaýladyk

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi