Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin koronawirus pandemiýasynyň bütindünýäde gowşmagy bilen 2 ýyldna soňra özüniň ilkinji daşary ýurt saparlaryny ama aşyrýar. HHR-iň Başlygy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Özbegistandaky sammiti mynasybetli Gazagystanda we Özbegistanda döwlet saparynda bolýar.
Ol ilki bilen Gazagystanda bolup, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ähli ugurlary gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen ara alyp maslahatlaşdy.
Soňra Özbegistana gelen Si Szinpin özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we maliýe-tehniki hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça umumy bahasy 15 milliard dollarlyk köp sanly ylalaşyklaryň gol çekilmeginiň şaýady boldy.
HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gazagystana we Özbegistana amala aşyrýan döwlet saparlary mynasybetli ýokary sylaglar hem berildi. Gazagystanyň Prezidenti hytaýly kärdeşini “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglan bolsa, Özbegistanyň Prezidenti Si Szinpine “Dustlik” (“Dostluk”) ordeni bilen sylaglady.
