SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny köpelder

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygyň ähli pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk edýän ulag toplumynyň düzümlerindäki işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ulag toplumynyň geçirýän işiniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezmeler berdi.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa we Frankfurt şäherlerine adaty ýolagçy gatnawlaryny ýola goýdy.

Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça bolsa, ýörite uçar gatnawlary ýerine ýetirilýär.

Sentýabr aýynyň 9 gününde, umuman 6 ýörite gatnaw ýerine ýetirildi. “Türkmenistan” awiakompaniýasy sentýabr aýynyň 1-i, 3-i hem-de 7-sinde öz gatnawlaryny ýerine ýetiren bolsa, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bolsa, özüniň ýörite gatnaw boýunça meýilleşdiren uçuş rejesine görä, 2-nji sentýabrda, 5-nji sentýabrda hem-de 9-njy sentýabrda ýörite gatnawlaryny ýerine ýetirdi.

Ýene-de okaň

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri