DÜNÝÄ

Türkiýede Ýeňiş baýramy bellenýär

Türkiýe Respublikasynda 30-njy awgust – Ýeňiş baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem dürli çäreleri gurnaýar.

Türkiýe Respublikasynyň ähli ýerlerinde dülri çäreler guralýar. Konsert çäreleri guralyp, ol ýerde ýurduň sungat ussatlary çykyş edýär.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan gurnalýan dabara Türkiýäniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürk we onuň egindeşleriniň häzirki wagtda ýaşap ýörän dogan-garyndaşlaryny hem çagyrmak göz öňünde tutulypdyr. Şeýle ýagdaý ilkinji gezek ýola goýuldy.

Ýeňiş baýramynyň 100 ýyllygy mynasybetli Prezident köşgündäki meýdançada 913 sazandanyň gatnaşmagynda konsert çäresi geçiriler.

Prezident köşgündäki dabara TRT teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp berler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar