SPORT

Türkmen dzýudoçy Türkiýede altyn medal gazandy

Türkmenistanda sport ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň hem-de medallaryň üsti ýene-de bir altyn medal bilen ýetirildi. Türkmenistanly dzýudoçy Mekan Baýramow Türkiýe Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda medal basgançagynyň iň ýokary derejesine ýetip, altyn medalyň eýesi boldy.

Mekan Baýramow 30-njy awgustda Türkiýe Respublikasynda bellenilýän Ýeňiş baýramynyň hormatyna geçirilen halkara ýaryşda uly üstünlik gazandy. Ol Türkiýäniň Sakarýa welaýatynda 30-njy awgust Ýeňiş hepdeligi mynasybetli Halkara häkimligiň kubogy ugrundaky ýaryşda bäsleşip, garşydaşlaryndan rüstem gelmegi başardy.

Final ýaryşynda türkiýeli garşydaşy Rejep Çimeni ýeňmegi başaran Mekan Baýramowy bu gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

Ol Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebi tamamlan, sportuň dzýudo görnüşi bilen meşgullanýan türkmen türgenleriň biridir. Mekan 8 ýaşyndan bäri sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýandygyny belläp, Gökje obasyndaky 3-nji sport toplumynda özüniň ilkinji tälimçileri Nurberdi Öwezgulyýew bilen dzýudo sportunyň ilkinji tilsimlerine eýelik edip başlandygyny mälim etdi.

Ol 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň dzýudo göreşi boýunça milli ýygyndysynyň düzüminde türgenleşip gelýär we milli ýygyndyda oňa tälimçiler Guwanç Nurmuhammedow we Röwşen Amandurdyýew tälim berýär.

Mekan Baýramow dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynda birnäçe baýrakly orunlaryň eýesidir. Şeýle hem ol Aşgabat şäheriniň çempionydyr.

Mekan Baýramow häzirki wagtda Türkiýäniň Dokuz Eýlül uniwersitetiniň talybydyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy swtoulag sowgat alar

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy