SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tailand 10 ýyllyk wiza hödürleýär

Tailandyň hökümeti 10 ýyllyk möhlet bilen wiza bermek düzgünini girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

Berlen maglumata görä, Tailand “LTR Visa” atly wizanyň täze görnüşi girizýär. Uzak möhletli bu wiza bilen oňa eýe bolanlar bu ýurtda işlän halatynda salgyt we beýleki ýeňilliklerden peýdalanyp biler.

Ýöne wizanyň bu görnüşini hemmelere elýeterli däl. Ony şu aşakdaky 4 kategoriýadaky adamlara bermek göz öňünde tutulýar:

  • azyndan 1 million dollar baýlygy bolan baý daşary ýurtlular
  • ýaşy 50-den uly bolan we ýyllyk azyndan 80 müň dollar durnukly girdejisi bolan pensionerler.
  • halkara kompaniýalarda uzak aralykda isleýän işgärler
  • käbir pudaklarda isleg bildirýän hünärmenler

Tailandyň hökümeti wizanyň bur görnüşini girizmek bilen baý daşary ýurtlulary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri öz ýurduna çekmek isleýär.

Ýurduň hökümetiniň maksatnamalayrna laýyklykda, öňümizdäki 5 ýylda şeýle adamlaryň sanyny 1 milliona ýetirmek maksat edinilýär.

Related posts

Türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde köpugurly hassahana gurar

THY: Türkmenistan ugurly nobatdaky ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri

Hususy dermanhanalaryň telefon belgisi we salgysy