SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Häzirki wagtda Türkmenistandan Türkiýe Respublikasy ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary dowam edýär.

Alnan maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy awgust aýynda birnäçe ýörite gatnawlary göz öňünde tutýar. Meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawlarynyň çäklerinde  “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň göz öňünde tutýan beýleki ýörite uçar gatnawlary baradaky habarlary bolsa, gatnawlar senesi belli bolan wagty habar bereris. Bellemeli zat, soňky birnäçe aýyň dowamynda ýörite uçar gatnawlary yzygiderli artýar. Käbir ugurlara bolsa, adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Türkiýe ugry boýunça şeýle hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem birnäçe ýörite uçar gatnawlaryny meýilleşdirýär.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistan ugry boýunça awgust aýynda göz öňünde tutulan ýörite gatnawynyň ilkinjisini 8-nji awgustda amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa hem birnäçe ýörite gatnawlary göz öňünde tutýar. Olaryň nobatdakysy ýakynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bu gatnawlaryny Türkmenbaşy-Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça ýerine ýetirýär.  “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistan ugry boýunça ýörite uçar gatnawlarynyň biletleriniň diňe kompaniýanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän ofisinde satylýandygyny ýatlatmak isleýäris.

Ýene-de bellemeli zat, bu ýörite uçar gatnawlary talyp wizasy bolanlar üçin goşmaça mümkinçilik bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri