JEMGYÝET

Russiýanyň baş prokurorynyň Türkmenistana sapary

Russiýa Federasiýasynyň baş prokurory Igor Krasnow Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada “Mir 24” teleýaýlymy habar berdi.

Täjigistandan soňra Tükrmenistana sapar bilen gelen Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow iş saparynyň çäklerinde howa menzilinden “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumyna bardy. Bu ýerde Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow Beýik Watançylyk urşunda we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlary hatyralap, ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýdy.

Soňra Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow birnäçe duşuşyklar geçirdi. Ol Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow Türkmenistanyň baş prokurory Serdar Mälikgulyýew bilen duşuşyk geçirip, iki ýurduň harby-hukuk edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we Hazar deňzini goramak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow Täjigistana amala aşyran saparynda Täjigistanyň baş prokurory bilen 2024-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi.

 

10 ýylda 1 milliard düýp bag nahaly oturdylar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar