SPORT

Iň köp kubok gazanan futbolçy Meksikada oýnar

Futbol taryhynda iň köp kubok gazanan futbolçy hökmünde tanalýan braziliýaly Dani Alwes Meksikanyň “Pumas” futbol toparynda oýnar. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Dani Alwes erkin futbolçy hökmünde bu topara geçdi. 15-nji iýunda Alwes täzeden dolanyp baran Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan hem gaýtdy. Ol ispan toparynyň düzüminde 2008-2016-njy ýyllarda we 2021-nji noýabryndan 2022-nji iýun aralygynda çykyş etdi.

Alwes ispan toparynyň düzüminde 407 duşuşykda 22 gol geçirdi. 39 ýaşyndaky Alwes dürli döwürlerde Braziliýanyň “Baiýu”, Ispaniýanyň “Sewilýa”, Italiýanyň “Ýuwentus” we Fransiýanyň “PSŽ” toparlarynda çykyş etdi.

Futbol meýdançasynda goragçy hökmünde çykyş edýän Alwes futbol taryhynda iň köp kubok gazanan futbolçydyr. Onuň hasabynda 43 kubok bar.

Alwes Ispaniýanyň 6 gezek çempiony, Fransiýanyň 2 gezek çempiony, Italiýanyň 2 gezek çempiony, 3 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 2 gezek UEFA-nyň kubogynyň ýeňijisi we 3 gezek UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisidir.

Alwes Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2009-njy we 2013-nji vylda Konfederasiýa kubogyny, 2007-nji we 2019-njy ýyllarda Amerikanyň kubogyny gazandy, şeýle hem Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy.

 

22-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy