JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwilini kabul etdi.

Gruziýanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalar we ulag-üstaşyr mümkinçilikler babatdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gruziýanyň Premýer-ministri öz ýurdunyň Türkmenistan bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşykda ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşyp, olary ilerletmegiň ugurlary babatda pikir alşyldy. Şeýle strategik taslamalary durmuşa geçirmegiň Hazar deňzi bilen Gara deňziň üsti bilen Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük gatnawlarynyň hem netijeli hem-de howpsuz bolmagyny üpjün etmäge, söwda ykdysayd gatnaşyklary we sebit aragatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Gruziýanyň hem öz gezeginde demirýol, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna uly maýa goýumlary goýýandygy, deňiz portunyň kuwwatyny artdyrýandygy bellenilip geçildi.

Gruziýanyň Gara deňiz babatda geçelgeleriniň Türkmenistan üçin hem amatly boljakdygy mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyp, bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

 

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi