JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şweýsariýa sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň halkara iri çärelere gatnaşmak hem-de halkara guramalarda duşuşyklary geçirmek üçin Ženewa sapary başlandy.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEСA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumda çykyş etmek bilen, SPEСA-ny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şunuň bilen bilelikde, SPEСA-nyň sekretariatyny döretmek arkaly Maksatnamany institusional taýdan güýçlendirmek baradaky 2019-njy ýylda Türkmenistanyň öňe süren teklibiniň  ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem türkmen tarapy SPEСA-nyň taslama-maksatnamalaýyn işini amala aşyrmak üçin zerur bolan täze maliýe çeşmeleriň emele getirilmegi babatynda çykyş etdi. Şu nukdaýnazardan, SPEСA-nyň Köphyzmatdaşlyk ulag gaznasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň teklibi goldanyldy. Şeýle hem türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasyny taýýarlamaklygy öňe sürdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankaradaky resmi kabul edişlik dabarasy fotosuratlarda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Cumhuriyet Bayramı Aşkabat’ta kutlanacak

vepa

Leave a Comment