TEHNOLOGIÝA

«Sanly çözgüt – 2022» atly bäsleşik badalga alýar

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, programma üpjünçiligini we innowasion usullary işläp taýýarlaýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen ýurdumyzda 2020-nji ýylda innowasion taslamalaryň bäsleşigine badalga berildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsepsiýada 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen «Sanly çözgüt – 2022» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ony saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagaty, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

 

Türkmenistan-Özbegistan: häzire çenli 246 ylalaşyk gazanyldy

Related posts

Sesi klonlap suraty gepledýän emeli intellektli habar gepleşigi has kämilleşýär

ABŞ-da “TikTok” jemgyýetçilik toruna gadaganlyk girizildi

Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler