BILIM

Talyp-2022: orta hünär mekdeplerinde täze hünärler açyldy

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň beýleki bir möhüm ugry orta hünär bilimidir. 2022-nji okuw ýylynda orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärleriň birnäçesiniň açylýandygyny aýtmak guwandyryjydyr.

Muňa Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde ortopedik stomatologiýasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde estrada sungaty, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde daşky gurşawy goramak we tebigy miras ýaly täze hünärler girizildi.

Bu bolsa öňki hünärleriň üstüni ýetirip, täze girizilen ugurlardan ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Talyp-2022: sanly ulgam boýunça täze ugurlar

Related posts

Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti açylar

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşik geçiriler

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa Koreýanyň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär