BILIM

Ýaşlary intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy isleg bildirýän toparlary 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçiriljek «Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.⠀

Bäsleşige diňe öňünden hasaba alnan toparlar gatnaşyp bilerler!⠀

Hasaba alynmak üçin, profiliň beýanyndaky ssylka arkaly 7-nji dekabr, sagat 18:00- çenli onlaýn formany doldurmaly.⠀

Bäsleşige gatnaşmak tölegsiz! Ýerler çäklidir!⠀

Ýaryşda toparlar 24 soragda (hersi 12 soragdan ybarat iki tapgyrda) biri-biri bilen bäsleşer, netijelerine görä iň gowy 2 topar finala çykar we şol ýerde ýaryşyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşerler. Galan toparlar 3-nji ýer we ondan soňky ýerler ugrundaky göreşde soňky soraglarda oýnamagyny dowam etdirerler. Finalda oýun 6 utuga çenli dowam eder.⠀

Bu çäre, Adam hukuklary gününe we Adam hukuklarynyň Ähliumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanýar.⠀

Bäsleşik türkmen we rus dillerinde geçiriler.⠀

Ýaş çäklendirmeleri ýok. Her topar sekiz adamdan ybarat bolmaly, 6 sany esasy oýunçy we 2 sany ätiýaçlyk oýunçylar.⠀

Ýaryşyň başlanýan wagty: 2023-nji ýylyň 10-njy dekabry, sagat 13:00-da (hasaba alnyşyk 12:00-da başlaýar, gijä galmazlygyňyzy haýyş edýäris).⠀
Geçiriljek ýeri: “Angar” resto-kluby⠀
Salgysy: Arçabil şaýoly, 41 (“ABM” biznes-merkezi)

Hasaba durmak üçin link: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfDGqFdTs5O5uOwf4oj50e7YYGkD8_6U–O48P1b095UUw_dQ/viewform

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar